Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Dowamy
Ministirlik barada
Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de berkitmek, daşky gurşawy goramak, ýer gatnaşyklary we gidrometeorologiýa babatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, meşgullanýan edaradyr. Ministrlik oba hojalygyny ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, gidrometeorologiýa hem-de azyk üpjünçiligi baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.
Edaramyza degişli saýtlar
Habarlar
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi dowam edýär
Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dördünji iş güni öz işine başlady.
18.04.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.
17.04.2024
Tenderler