Täzelikler

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli düýn Aşgabatda badalga alan baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen başlandy. Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdanda ýaýbaňlandyrylan dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow tomaşa etdi.
Bu ýerde ilki Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy.

Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watana, halka, hormatly Prezidente wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýtdylar.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açdy. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurduň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçdiler.

Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçdiler. Ondan soň münberiň öňünden zenan harby gullukçylar batly gadam urup geçdiler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçleriň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezdiler. Olaryň yzy bilen ýurduň Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam etdirdiler. Türkmen uçarmanlary Watanyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçdi.

Dabaraly harby ýöriş Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň hatary bilen dowam etdi.

Ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.

Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişine tomaşa etdiler.

Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär.

Soňra gezek Milli goşunyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetdi. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde-de dowam etdi. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açdy. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam etdi. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Soňra asmandan Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary uçup geçdi.

Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşdy. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25», «Mig 29» kysymly söweşjeň uçarlary geçdi. Görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. «С-27J SPARTAN» kysymly harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar howa giňişligindäki harby ýörişi jemledi.

Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary düzülýärler. Olar meýdançada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekillerini emele getirdiler.

Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.

çeşme