Türkmenistanda ýokary öndürijilikli tehnikalar çylşyrymly agrosenagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge we oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmaga ýardam edýär. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň oba hojalyk tehnikalarynyň parkynyň täze tehnikalar bilen yzygiderli üsti ýetirilýär.
Mysal üçin, oba hojalyk işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylda Amerikanyň «John Deere» kompaniýasynyň pürküjileriniň 400 sanysy we mineral dökün üçin niýetlenilen tehnikalaryň hem şonçasy satyn alyndy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Şu ýyl dürli öndürijileriň sürüm üçin niýetlenilen täze traktorlarynyň we galla orujy kombaýnlarynyň gelmegine garaşylýar.
Umuman alanyňda, meýdanlarda galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlar, dürli kysymly üç tigirli traktorlar — sürüji, gowaça meýdanlaryna ideg ediji traktorlar, azallar, pürküjiler, gowaçalaryň hatarara bejergisi üçin enjamlar hem-de ekiş we hasyl ýygymy möwsümlerini bökdençsiz geçirmek, agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan beýleki oba hojalyk mehanizmleri göwnejaý ulanylýar.
Traktorlaryň arasynda, esasan, topragy mehaniki usulda işlemek, gowaça ekinlerine zyýankeşlerden goramak üçin himiki serişdeleri pürkmek, suwarmak, hatarara bejergi — topragy ýumşatmak, haşal otlary kesmek we ýerleri tekizlemek işlerinde «John Deere» kompaniýasynyň 8245, 6195 we 6175 kysymly köp funksiýaly üç tigirli mehanizmleri agdyklyk edýär. Häzirki wagtda ýurtda «John Deere» kompaniýasynyň 9970 kysymly pagta ýygyjy kombaýnlary ulanylýar we olaryň sany müňlerçe birlige barabardyr. Bu brendiň 2017-nji ýyldan bäri ýurda gelýän ähli tehnikalary elektronika ulgamy bilen üpjün edilendir.
Germaniýanyň «Claas» kompaniýasynyň «Tucano-430» kysymly galla orujy kombaýnlary hem giňden ulanylýar, olaryň sany 1300 birlige ýetýär. Bu model bazarda 2012-nji ýylda peýda boldy we ol ýokary hilli «Lexion» kombaýnynyň has ykjam görnüşidir.








